
Ýolagçylar üçin
Syýahatyňyza taýýarlanmak üçin peýdaly maglumatlar we hyzmatlar: uçuş tertibi, ugurlar, nyrhnama, düzgünnama we köp soralýan soraglar.
- Uçuş tertibiÝerli we halkara uçuşlaryň häzirki tertibi.
- UgurlarymyzÄhli ýerli we halkara ugurlar.
- Onlaýn awiabilet satyn alyňAwiabiletleri çalt, amatly we islendik wagtda satyn alyň. (täze goýmada açylýar)
- «Türkmenistan» AGPJ-niň daşary ýurtdaky wekilleriÝewropada, GDA-da we Aziýada wekillerimiziň salgylary we telefonlary.
- «Laçyn» žurnaly«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň bort bukletiniň ähli sanlary.
- Biz bilen habarlaşyňMaslahat we takyk maglumat almak üçin.
Düzgünnamalar we kadalar
Ýerli we halkara howa gatnawlary üçin nyrhnama düzgünleri we beýleki resminamalar.
Resminamalar entek ýok
Nyrhnama düzgünleri we beýleki resminamalar ýakyn wagtda goşular.
Çaganyň dogluş şadatnamasyny ýanyň bilen alynmaly?
Dogluş hakyndaky şahadatnama möhürsiz berilýär, şonuň üçin möhüri diňe çaganyň ata-enesiniň ýa-da hossarynyň haýyşy boýunça döwlet edaralarynda goýdurmak bolýar. Eger dogluş hakyndaky resminama başga ýurduň döwlet edarasy tarapyndan berlen bolsa, ilki bilen ony rus diline terjime etmeli, soňra raýatlyk barada bellik goýdurmaly.
Awiabileti nädip satyn alyp bilerin?
Awiabiletleri turkmenistanairlines.tm saýtynda onlaýn ýa-da Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesi, 211 salgysyndaky Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň awiakassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.
Mugt bagažyň möçberi näçe?
Mugt bagažyň möçberi ugra we bilediňiziň nyrhyna baglydyr. Takyk maglumat awiabiletde görkezilýär. Adatça ykdysady synpda 23 kg, biznes synpda 32 kg mugt bagaž we 7 kg-a çenli el goşy rugsat edilýär.
Uçuşa näçe wagt öň howa menziline gelmeli?
Halkara uçuşlarda hasaba alyş uçuşdan 3 sagat öň başlanýar we 1 sagat öň tamamlanýar. Ýerli uçuşlarda hasaba alyş 2 sagat öň başlanýar we 40 minut öň tamamlanýar.
Awiabileti üýtgedip ýa-da yzyna gaýtaryp bolýarmy?
Awiabiletiň üýtgedilmegi we yzyna gaýtarylmagy nyrh düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Jikme-jik maglumat üçin awiakassalara ýüz tutuň ýa-da +993 12 39 17 17 belgä jaň ediň.
