Onlaýn awiabilet satyn almak
Görnüş
+993 (12) 39-17-17
2026-njy ýylyň nyşanyGARAŞSYZ, BAKY BITARAPTÜRKMENISTAN — BEDEWBATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Döwlet habarlary1 min okamak

Birža söwdalarynda 145 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Birža söwdalarynda 145 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Paýlaş

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 13 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen pagta süýümini, arassalanan pagta galyndylaryny, nah ýüplügini we dürli görnüşli matalary satyn aldylar.

Şeýle-de «Türkmengaz» DK-na degişli bolan tehniki kükürt satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 145 million 11 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 363 müň 200 manatlyk nah ýüplügini, matalary hem-de aýnadan öndürilen bankalary satyn aldylar.

Ähli habarlarUçuş tertibi