Onlaýn awiabilet satyn almak
Görnüş
+993 (12) 39-17-17
2026-njy ýylyň nyşanyGARAŞSYZ, BAKY BITARAPTÜRKMENISTAN — BEDEWBATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Döwlet habarlary1 min okamak

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana sapary başlandy
Paýlaş

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ermenistan Respublikasyna bardy. Ýerewanyň «Zwartnots» Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny Ermenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Mger Grigorýan we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

«Armenpress-iň» habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Biodürlülik baradaky maslahatyň (COP17) çäklerinde geçiriljek Liderler sammitine gatnaşar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 15-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy we birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi.

Ähli habarlarUçuş tertibi