Türkmenistan halkara kömek bermek ýörelgelerine hem-de hemişelik oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, soňky günlerde Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, uçuş ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalary üçin öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmagy gyssagly we netijeli üpjün edýär.
«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň Aşgabat halkara howa menziline gelip gowuşmagy üçin rugsatlar wagtynda we çalt berilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hem-de beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde Eýran bilen serhet nokatlaryndan başlap, Aşgabat halkara howa menziline çenli päsgelçiliksiz geçelge üpjün edilýär. Daşary ýurt döwletleriň ilçihanalary we diplomatik edaralary öz raýatlaryny hem-de goňşy ýurtlaryň raýatlaryny daşamak maksady bilen Aşgabat halkara howa menzilinden ýörite (çarter) gatnawlary gurnaýarlar. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan diplomatik wekilhanalara, uçarlaryň ekipažlaryna giň goldaw berilýär we ýolagçylar ýokary derejeli hyzmatlar bilen üpjün edilýär.
Şu esasda, Türkmenistan halkara hukuga hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, çylşyrymly halkara ýagdaýlarynda raýdaşlygyny we goldawyny görkezýär.

