Onlaýn awiabilet satyn almak
Görnüş
+993 (12) 39-17-17
2026-njy ýylyň nyşanyGARAŞSYZ, BAKY BITARAPTÜRKMENISTAN — BEDEWBATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň täzelikleri1 min okamak

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň meýilnamasyny täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň meýilnamasyny täzeledi
Paýlaş

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar.

Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar

Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, şeýle hem hepdede bir gezek Abu Dabi (BAE) şäherine uçuşlar bolar.

Mundan başga-da hepdede 5 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 6 gezek bolsa Moskwa (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Ähli habarlarUçuş tertibi