«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň mejlisiniň jemleýji resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň mejlisiniň Bilelikdäki beýannamasyna» gol çekdiler.
Şeýle hem olar «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň düzgünleşdiriji resminamalary hakynda Karara» gol çekdiler.

